Biz barada

Tabşyryk boýunça “Mähirli Zenan” kompaniýasynda ýörite geýimi tikmek. Biz öz müşderilerimize “Aýratyn tikmek” hyzmatyny - özbaşdak tabşyryk boýunça iş geýimini işläp taýýarlamak we tikmek boýunça amatly ýagdaýy teklip edýäris.

Aýna Durdylyýewa

ÖZBOLUŞLY EGIN-EŞIGI DÖRETMEK

“Mähirli Zenan” 2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda açyldy.

Bizň tejribeli we öz işini yhlasly berjaý edýän ussatlarymyz hatda tehniki taýdan çylşyrymly tabşyryklardan – diňe göwnejaý işleýän atelýede taýýarlap bolýan nepis geýimi ýa-da toý köýnegini tikmekden çekinip durmaýarlar. Hawa, biziň Aşgabatdaky has gymmat baha kesmeýän atelýemizde her hili materiallardan we çylşyrymlylygy boýunça islendik geýimiň tikilmegini buýrup bilersiňiz!

“Mähirli Zenan” atelýesinde siz buýurma boýunça zenan geýiminiň tikilmegini tabşyryp bilersiňiz. Biz geýimi döretmek baradaky ideýalarymyzy teklip edýäris, geýimi öňki nusga görä ýa-da täzelemek arkaly taýýarlap bolar hem-de siziň özboluşly görnüşde tikmek baradaky ideýalaryňyzy amala aşyryp bolar. Şol iki ýagdaýda-da siz öz ölçegleriňize görä işlenip taýýarlanan önümi alarsyňyz. Ölçegleriň haýsydyr bir tablisasy ýa-da gelşiksiz biçim aradan aýrylar hem-de göwnejaý tikin we ýerbe-ýerlik üpjün ediler!

Buýurma boýunça garderobyň islendik predmetleriniň tikilmegini, şol sanda agşamky geýimiň ýa-da toýda geýmek üçin niýetlenen geýimiň (geliniň toý geýiminiň we öýlenýäniň geýiminiň) özboluşly görnüşde tikilmegini tabşyryp bilersiňiz.

Dükanlarda özboluşly (eksklýuziw) türkmen köýneklerini satmak biziň işimiziň ýene-de bir görnüşidir.

Özbaşdak dizaýn boýunça biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Tikmek boýunça maslahat almak, bahany bilmek ýa-da buýurmany resmileşdirmek üçin bize habar ýollaň, biziň modelýerimiz 5 iş sagadynyň içinde size jogap berer.