2021-nji ýyldaky çäreler

maý 2021

Mähirli Zenan: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergisindäki ýalkym

Her ýylyň 17-nji martynda bellenilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygyna bagyşlap, 17 – 18-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar. Bu sergä “Mähirli Zenan” Moda öýi hem gatnaşýar. “Mähirli Zenan” möwsümleýin toplumlary (kolleksiýalary) işläp çykarýar, bular indiki möwsümdäki ýagdaýlaryň düzülmegine ýardam berýär we birnäçe sylaglara mynasyp boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guraljak sergide görkezmek üçin, “Mähirli Zenanyň” topary “Mahmal ýürekli mähirli zenan” atly ýazky-tomusky kolleksiýany taýýarlaýar, Moda öýüniň hünärmenleri şol toplumyň göwnejaý taýýarlanmagy ugrunda yhlasly işleýär. Şol köýnekleriň reňkleriniň utgaşmasy her hili görnüşlidir, moda laýyk görülýän öwüşginler ulanyldy, bular keşbiň täsirliligini we özboluşly mylaýymlygyny artdyrýar.

maý 2021

Mähirli Zenan: Aşgabatdaky sergide öz modaly kolleksiýamyzy görkezýäris

Türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” diýen köp taraplaýyn XX Halkara sergisinde türkmen moda öýleriniň, dizaýnerleriň we modelýerleriň işleri görkezildi. Bularyň arasyndaky “Mähirli Zenan” hususy kärhanasy Ýaz-Tomus möwsümindäki zenan köýnekleriniň täze toplumyny (kolleksiýasyny) görkezdi. Toplumda ýüpek matadan, şifondan, mahmaldan tikilen we nepis el işleri bilen bezelen köýnekler bar.

Şeýle hem 15-nji maýda “Mähirli Zenan” Aşgabat şäheriniň Gününe bagyşlanyp, modalaryň görkezilişine gatnaşdy.

Ýakynda “Mähirli Zenan” senagat kärhanalarynyň we lukmançylyk edaralarynyň buýurmasy boýunça formaly we ýöriteleşdirilen geýimleriň işlenip taýýarlanmagyna girişdi. Şeýle hem “Mähirli Zenan” sport we çaga geýiminiň täze kolleksiýasyny işläp çykardy.

iýun 2021

Mähirli Zenan: Ýurdumyzyň eksport üçin harytlarynyň sergisinde milli usuldaky özboluşly geýimleriň görkezilişi

27 – 28-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezindäki sergide Türkmenistanyň eksport üçin önümleri görkezilýär. Sergi öňde baryjy we halkara bazarynda önümlerine uly isleg bildirilýän senagat we önümçilik ulgamlarynyň wekilleriniň ünsüni çekdi. Şunuň ýaly sergä gatnaşanlaryň arasynda “Mähirli Zenan” Moda öýi hem bar. Bi kärhana milli stilde taýýarlan özboluşly modellerini görkezdi. Şu gezel daşky geýimiň dizaýnyna içgin üns berildi. Sergä gelenlere ýapynjalaryň, paltonyň we şarflaryň nusgalaryny synlamaga mümkinçilik döredildi. Ähli modeller adaty nagyşlar bilen göwnejaý bezelipdir hem-de bular nepis we owadan reňkli ýüpek matadan we mahmaldan işlenip taýýarlandy.

awgust 2021

Mähirli Zenan: Halkara sergisinde modanyň we uniformanyň görkezilişi

“Mähirli Zenan” Moda öýi Merkezi Aziýadaky döwletleriň prezidentleriniň “Awazadaky” konsultatiw duşuşygynyň çygrynda guralan Milli harytlaryň halkara sergisine gatnaşdy. Türkmenbaşy deňiz portunyň çäginde Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Täjigistandan gatnaşyjylaryň 250-den gowragy öz ekspozisiýalaryny ýerleşdirdi.

Sergide “Mähirli Zenan” keteni matadan tikilen gündelik we agşamlarda geýilýän köýnekleri görkezmek bilen çäklenmän, geýimiň täze liniýasy: dürli kärhanalaryň, edaralaryň, dükanlaryň we supermarketleriň işgärleri üçin geýimleriň nusgalary bilen tanyşdyryldy. “Mähirli Zenan” tarapyndan hödürlenýän ýöriteleşdirilen geýim diňe buýurma boýunça hem-de buýrujynyň reňk we stil boýunça ileri tutýan ugurlaryna esaslanmak arkaly işlenip taýýarlanýar. Geýimleriň agramly bölegi ýerli önümçiligiň elin matalaryndan işlenip taýýarlanylýar. “Mähirli Zenan” tarapyndan işlenip taýýarlanan uniforma geýmek üçin rahatdyr we estetiki taýdan gelşikli bolup görünýär.