2022-nji ýyldaky wakalar
maý 2022
Mähirli Zenan: Parlamentara forumynyň sergisindäki milli biçüwdäki özboluşly egin-eşikler
13-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň çäklerinde halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi guraldy, oňa eksponentleriň 50-si gatnaşdy. Mähirli Zenan moda öýüniň milli biçüwdäki özboluşly (ekslýuziw) egin-eşikleriň toplumy (kolleksiýasy) ýerleşdirilen stend sergä gelenleriň ünsüni çekdi.
Mähirli Zenanyň tanalýan firma stili (usuly) sungat eseri bilen deň görülýän türkmen milli el işleriniň her bir syralan ýeri we tikini arkaly äşgär bolýar. Şeýle hem bu çäräniň çygrynda modalary görkezildi. Şonda Mähirli Zenan nepis sazlaşyklary (ansambllary) görkezdi, bularda milli esaslar (motiwler) we häzirki döwürdäki moda mahsus ýagdaýlar başarnykly utgaşdyrylýar. Moda öýüniň taýýarlan her bir bezelen egin eşigi arkaly, türkmen medeniýeti inçelik bilen äşgär edilip, modanyň häzirki döwürdäki ugurlary bilen sazlaşýar.

“Mähirli Zenan” Moda öýüniň milli keşdeler boýunça ussady Zer bilen keşde bejermek we zergärlik boýunça halkara festiwalynda tapawutlanýar
“Mähirli Zenan” Moda öýüniň milli keşdeler boýunça ussady Dünýägözel Taýewa 21 – 25-nji maý aralygynda Buharada geçirilen zer bilen keşde bejermek we zergärlik boýunça halkara festiwalyna gatnaşdy. Festiwala dünýäniň 58 ýurdundan keşde bejermekde tanymal zenanlar, ussat zergärler ýygnandy. Festiwalyň giňişleýin maksatnamasy boýunça satuw sergileri guraldy, modalar görkezildi, konsertler, teatrlaşdyrylan tomaşalar, Buharadaky meşhur zergärçilik ussahanalaryna ekskursiýalar guraldy.
D. Taýewa “Bejerginiň taryhy – dizaýn we innowasion çemeleşme” diýen tema boýunça ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Şeýle hem ol özboluşlylygy we nepisligi bilen tanalýan meşhur türkmen keşdesini çekmegiň usuly boýunça tälim berdi. Ol “Ozbekiston24” telekanalynda çykyş edip, türkmen keşdesiniň tapawutlanýan türkmen bejergisiniň tapawutlanýan nagyşlarynyň (gülleriniň) döredýän täsirleri barada gürrüň berdi. Bulardan başga-da, türkmen ussady keşde çekýän başga zenanlaryň ýolbaşçylyk etmeginde altyn sapaklar arkaly keşde çekmek boýunça adaty özbek ýörelgesine degişli tälim alynmagyna gatnaşdy. Ol festiwala gatnaşan başga zenanlar bilen aragatnaşyk saklamak arkaly tejribe we ýakymly täsirleri toplap, ýurdumyza dolanyp geldi. Şeýle hem oňa festiwala, şol sanda “Ussat zenan” diýen nominasiýa gatnaşandygy gatnaşandygy baradaky sertifikatlar gowşuryldy. Buharada geçirilen zer bilen keşde bejermek we zergärlik boýunça halkara festiwaly şu ugurdaky ilkinji festiwal diýlip hasaplanýar.
Özbegistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýyldan başlap, festiwal Buharada iki ýylda bir gezek yzygiderli ýagdaýda geçiriler. Festiwalyň esasy maksady özbek milli senetlerini wagyz etmekden, halkara derejesinde tejribe alşylmagyna ýardam bermekden, şu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Forum Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk we medeni miras ministrligi tarapyndan guraldy.

sentýabr 2022
Türkmenistanyň paýtagtynda Moda hepdeligi – 2022 geçirilýär
“Aşgabat – dizaýn şäheri: Moda hepdeligi – 2022” atly festiwal öňde baryjy modelýerleri we Türkmenistanyň modelýerleri üçin gapylaryny giňden açdy. Paýtagtymyzdaky Modeller öýüniň esasy ýodasynyň ugrunda güýzki modanyň nusgalary we ýurdumyzdaky brendlere degişli täzelikler ýerleşdirildi. Türkmen dizaýnerleri milli ýörelgeleri ugur edinmek arkaly, döwrebap rahat stiliň we milli mirasyň utgaşdyrylmagyny dowam etdirýärler hem-de täze geýimleri we özboluşly bezelen egin-eşikleri döredýärler. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda öndürildi” diýen brend ýurdumyzdaky ulanyjylar, şeýle hem daşary ýurt jemgyýetçiligi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Indi birnäçe günüň dowamynda Aşgabadyň podiumynda täze görnüşlerdäki (formalardaky), biçüwlerdäki köýnekler we elde tikilen geýimleriň özboluşly (ekslýuziw) modelleriniň owadan toplumy görkezilýär. Görkezilýän toplumlary (kolleksiýalary) göz öňünde tutup aýdanyňda, 2022-nji ýylyň güýzünde reňkleriň utgaşmasynda (palitrasynda) gyzyl, açyk gyzyl, ýaşyl we gögümtil-mawy (firuza) reňkler ileri tutular. Geýimiň her hili predmetlerini bezeýän keşdeler özboluşly we isleg bildirilýän görnüşde saklanyp galar.
Aşgabatdaky Moda hepdeligi Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň Sekretariatynyň howandarlyk etmeginde ilkinji gezek geçirilýär. Bir ýyl mundan ozal ak mermerli paýtagtymyz ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň ulgamyna “Dizaýn” topary (kategoriýasy) boýunça goşulmak üçin nominirlendi.
“Mähirli Zenanyň” taýýarlan döwrebap milli geýimleri “Tourism Expo Tokyo 2022” atly sergide görkezildi
“Mähirli Zenanyň” taýýarlan döwrebap milli geýimleriniň nusgalary Ýaponiýada guralan “Tourism Expo Tokyo 2022” atly sergide türkmen sergisiniň çygrynda görkezildi. “Mähirli Zenan” tarapyndan taýýarlanan we sergide görkezilen toý lybaslary we gündelik egin-eşikler, şol sanda köýnekler, donlar, ýapynjalar we şarflar nepis milli nagyşlar bilen bezelipdir hem-de türkmen brendini täsirli we tapawutlandyryp görkezýär.
Ýurdumyzyň Milli pawilýonynda beýleki eksponatlar bilen birlikde görkezilen bu owadan zatlar türkmen halkynyň täsin medeniýeti barada “söz açyp”, onuň taryhyny, däp-dessurlaryny we durmuşdaky ýörelgelerini äşgär edýär. “Mähirli Zenanyň” toplumy (kolleksiýasy) estetiki taýdan özüne çekijiligi, däp-dessurlaryň döwrebap düşündirilişi, milli mirasa we halk döredijiligine ygrarlygy arkaly, halkara turoperatorlarynyň we syýahat etmegi halaýanlaryň ünsüni çekýär, munuň özi syýahatçylyk önümini ýaýratmakda möhüm ähmiýete eýedir.
“Mähirli Zenan” şu abraýly syýahatçylyk forumyna gatnaşmagyna aýratyn ynam bildirilmegi we indiki döredijilikli başlangyçlara güýçli badalga berilmegi hökmünde garaýar.

oktýabr 2022
“Dizaýn-2022” atly forumda we “Giň gerimli dizaýn” atly sergide “Mähirli Zenan” döwrebap zenan lybaslaryny görkezdi
“Mähirli Zenan” şu ýylyň 11 – 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Aşgabat dizaýny-2022” atly foruma we “Giň gerimli dizaýn” atly halkara sergisine gatnaşdy. “Mähirli Zenanyň” pawilýonynda zenanlaryň döwrebap egin-eşiginiň nusgalary, şol sanda täze topluma (kolleksiýa) goşulan zatlar görkezildi. Bular milli ýörelgeleriň we häzirki döwürdäki moda industriýasynyň ugurlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny görkezýär.
“Mähirli Zenan” türkmen paýtagtynyň häkimiýet edaralary, şol sanda pudaklaýyn ministrlikler we edaralar tarapyndan guralýan bäsleşiklere, sergilere we modalaryň görkezilmegine işjeň ýagdaýda gatnaşýar hem-de döwrebap türkmen modasyny ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmak arkaly, onuň medeni mirasyň özboluşlylygy bilen arabaglanyşygyny saklaýar. “Aşgabat – dizaýn şäheri” atly taslamanyň çygrynda sentýabryň birinji ongünlüginde geçirilen “Moda hepdeligi – 2022” atly çäräniň jemleri boýunça kompaniýa “Oňat konseptual dizaýn” atly nominasiýa boýunça ýeňiji boldy.
“Mähirli Zenan” Ussatlyk we amaly-haşam sungaty boýunça halkara festiwalynda adaty we döwrebap egin-eşikleri görkezýär
Häzirki wagtda “Mähirli Zenan” hususy kärhanasy Türkmenabatda geçirilýän Senetler we amaly-haşam sungaty boýunça halkara festiwalyna gatnaşýar. Lebap welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde senetler we amaly-haşam sungaty boýunça guralan sergide milli egin-eşikleriň predmetleri, şol sanda adaty ýaglyklar we halatlar-palto görkezilýär. “Mähirli Zenanyň” dizaýnerleri we ussatlary tarapyndan taýýarlanan agşamky we gündelik köýnekler arkaly, däbe öwrülen milli estetikanyň we häzirki döwürdäki moda industriýasynyň ugurlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny görkezýär, täsin galdyrýan bu işler modalaryň 13-nji oktýabrda festiwalyň çygrynda guralan gözden geçirilişinde görkezildi.

noýabr 2022
“Mähirli Zenan” hususy kärhanasy şäheriň nepis nagyşlar we senetler boýunça bäsleşiginde sylaglanyldy
“Mähirli Zenan” hususy kärhanasy Aşgabatda geçirilen “Zenan kalbyndan dörän nepislik” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda birinji orna mynasyp boldy. Bu bäsleşik türkmen paýtagtynyň Köpetdag etraby tarapyndan guraldy. 25-nji noýabrda “Aşgabat” myhmanhanasynda zenanlaryň we çagalaryň milli modasyny döredijileriň sylaglanmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bäsleşige şäheriň her etrabyndan üç sany kärhana (atelýe) gatnaşdy. Şonda ussat zenanlar köýnegi bir sagatda (!) tikmek bilen bagly başarnygyny görkezmek bilen çäklenmän, milli geýim boýunça ýöriteleşdirilen kärhanasynyň ýa-da atelýesiniň özboluşlylygyny bäş minutda beýan etmek boýunça bäsleşdiler. Hatda olar milli senetleriň ýörelgelerine bagyşlanan poeziýa ýa-da beýleki edebi eserlere degişli bilimlerini-de äşgär etdiler.
“Mähirli Zenanyň” dizaýnerleri we ussat zenanlary tarapyndan yzygiderli ýagdaýda äşgär edilen döredijilik duýgurlygy we ussatlygy Türkmenistanda we onuň çäkleriniň daşynda dürli derejelerde guralýan modalaryň gözden geçirilişine, bäsleşiklere we sergilere gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanan “Zenan kalbyndan dörän nepislik” atly bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy.

dekabr 2022
“Mähirli Zenan” hususy kärhanasy Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitine bagyşlanan sergä gatnaşdy
“Mähirli Zenan” Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň liderleriniň üç taraplaýyn sammiti mynasybetli “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda guralan sergä gatnaşýar.
“Mähirli Zenan” pawilýonynda milli ýörelgä laýyklykda taýýarlanan döwrebap egin-eşikleriň ajaýyp nusgalary görkezildi. Bularyň arasyndaky agşamky we gündelik köýnekler arkaly, däbe öwrülen milli estetikanyň we häzirki döwürdäki moda industriýasynyň ugurlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny görkezilýär. Şeýle hem bularyň arasynda nepislik bilen taýýarlanan ýaglyklar, halatlar-paltolar, kellä geýilýän adaty zatlar, ýagny meşhur tahýalar we taryhy dizaýndan ugur alnyp elde taýýarlanan nepis aksessuarlar bar. Gelen adamlara kärhananyň ussat işgärleri tarapyndan döredilen bu önümleriň özboluşlylygyna we çeperligine baha bermäge mümkinçilik döredildi. “Mähirli Zenanyň” taýýarlan modelleri estetiki taýdan özüne çekijiligi, ýörelgeleriň döwrebap düşündirilişi we medeni mirasa ygrarlygy arkaly, ünsüňi çekýär. Sammite bagyşlanyp guralan sergide beýleki eksponatlar bilen birlikde görkezilen bu owadan zatlar türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti bilen tanyşdyryp, onuň taryhyny, däp-dessurlaryny we durmuşdaky ýörelgelerini äşgär edýär“Mähirli Zenanyň” dizaýnerleri we ussat zenanlarynyň hünär ussatlygy we ýörelgelere ygrarlylygy olara diňe bir Türkmenistanda däl-de, onuň çäkleriniň daşynda dürli derejelerde guralýan modalaryň gözden geçirilişine, bäsleşiklere we sergilere gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär.
